Threads-yň auditoriýasy aýda tas 100 mln işjeň ulanyja ýetdi

  • 28.10.2023 11:34
  • 3.4k+

2023-nji ýylyň iýul aýynda işe girizileni bäri Threads aýda tas 100 mln işjeň ulanyjyny ýygnady. Bu barada Mark Sukerberge salgylanyp, TechCrunch ýazýar. Ýöne Meta-nyň gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany mälim edilmeýär diýip, vc.ru belleýär.

Sukerberg traýektoriýadan örän hoşaldygyny aýdýar. Ýöne neşir aýlyk işjeň auditoriýanyň sosial ulgam üçin iň gowy görkeziji bolup bilmejekdigini ýazýar: eger ulanyjy saýta ýa-da programma bir gezek girse-de, ol “işjeň” hasaplanar.
Threads programmasy 2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda işe girizildi, birnäçe günüň dowamynda onda 100 mln-dan gowrak ulanyjy hasaba alyndy. Ýöne tiz wagtdan sosial ulgam gündeki işjeň ulanyjylaryny ýitirip başlady – Sensor Tower-iň analitikleriniň hasabyna görä, olaryň sany işe girizilenden iki hepde soň 70% azaldy.
Awgust aýynda ähli ulanyjylar üçin Threads-yň web-wersiýasy işe girizildi. Oktýabr aýyndan sosial ulgamda publikasiýalary redaktirleme, halanan postlar bilen lenta, mazmun boýunça gözleg we beýleki funksiýalar elýeterlidir. 26-njy oktýabrda Threads GIF-faýllaryň we pikir soraşmalaryň goldawyny goşandygyny habar berdi. 


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
942

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......