ARAM lounge 50 manatdan biznes günortanlygyny edinmäge çagyrýar

  • 28.10.2023 09:13
  • 20k+

Iş bilen bagly duşuşyklary diňe iş stolunyň başynda geçirmelidir öýdýäňizmi? Aşgabatda Parahat-7 ýaşaýyş toplumyndaky metjidiň gapdalynda ýerleşýän «Aram» restorany bu meselä başgaça seretmegi teklip edýär.
Biznes lanç («business lunch», biznes günortanlygy) düşünjesi barada hemmeler eşiden bolsa gerek? Biznes lanç bu ýörite işewür adamlar üçin döredilen menýu bolup, oňa adatça kesgitli bir bahadan, gyzgyn nahar, ikinji nahar, işdäaçar we içer ýaly bir zat girýär. Iş bilen başagaý bolup, günortanlygyny ýatdan çykarýanlar üçin biznes lanç tüýs ýerine düşen çözgütdir. «Aram» restorany aksiýa yglan edip, 50 manatdan biznes günortanlygyny edinmäge çagyrýar. Arzanlaşyk 1-nji dekabra çenlidir. Biznes lançyň wagty — 12:00-16:00 aralygynda.

Biznes günortanlygy diňe bir datly tagamlardan naharlanmak üçin däl, eýsem, işdeş ýoldaşlaryň bilen işewür duşuşyklary nahar başynda geçirmek üçin hem oňat mümkinçilikdir. «Işewür ertirlikler», «işewür günortanlyklar» häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran tejribedir.
12:00-a çenli ähli tagamlara -25% ARZANLAŞYK
«Aram» restorany biznes günortanlygyndan başga-da baý menýusyny hödürleýär. Ol menýu ertirlikler, gyzgyn naharlaryň dürli görnüşleri, mangal tagamlary, burgerler, steýkler, pizza-pideleriň dürli görnüşleri, işdäaçarlar we başga-da köp dürli tagamlar girýär. 1-nji dekabra çenli ähli tagamlara -25% arzanlaşyk hereket edýär.
Naharlanmak däl, çaý başynda iş duşuşyklaryny geçirmek isleýänler üçin bolsa, çaýlaryň, kofeleriň, kokteýlleriň, miwe freşleriniň dürli görnüşleri bar.
«Arama» gaýdanyňyzda çagalaryňyzy hem ýatdan çykarmaň! Çünki restoranyň çagalar üçin oýun zonasynda olar hem wagtyny hoş geçirer.

«Aram» restorany tagamlarynyň 100% halallygyny kepillendirýär!
Restoranyň ofisiantlary bolsa siziň islegleriňize görä tagam saýlamaga kömek ederler!

Salgysy: Parahat 7, Metjidiň ýany
Telefonlar:
+99362861010
511471
Instagram: aram_lounge
Tiktok: aram_lounge

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......