Aşgabatda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal açyldy

  • 28.10.2023 08:48
  • 6.1k+

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwalyň açylyş dabarasy boldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Dabara kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna döredilen “Türkmenistan Garaşsyz” atly eseri başlandy. Ony Türkmenistanyň döwlet hory hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri ýerine ýetirdi.
Soňra sahnada Nury Halmämmedowyň “Türkmenistan” simfoniki şekilleri ýaňlandy. Oňa Eziz Jumanyýazow drižýorlyk etdi.
“Mukam” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň “Nagmalar” eseri tomaşaçalarda uly joşgun döretdi.
Soňra kompozitor Nury Halmämmedowyň döwürdeşleri, halypa sungat ussatlary çykyş etdiler. Olar kompozitor bilen bilelikde eser döreden pursatlarynyň ýatlamalaryny paýlaşdylar.
Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Nury Halmämmedow 1938-nji ýylda doguldy. Ol ýaşan ömründe türkmeniň nusgawy sazynyň ösmegine möhüm goşant goşdy.
Dabara kompoziter Nury Halmämmedowyň döreden eserleriniň ýaňlanmagy bilen dowam etdi. Olaryň hatаrynda “Dutaryň owazy” hem bar. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow ýerine ýetirdi.
Festiwal iki gün dowam eder. Onuň çäklerinde Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli medeni çäreler guralar.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......