Ýaş türkmen küştçüleri Müsürde geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

  • 27.10.2023 21:43
  • 7.3k+

Ýaş türkmen küştçüleri 15-nji oktýabrdan 26-njy oktýabr aralygynda Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde geçirilen 8, 10 we 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, öz halkara reýtinglerini ýokarlandyrdylar.

Rauf Ýusupow (häzirki FIDE reýtingi – 1500) 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda çykyş edip, mümkin bolan 11 utukdan 6,5 utuk gazandy we öz FIDE reýtingini 195 punkt ýokarlandyrdy. Ol ýaryşyň dowamynda Çehiýadan, Wengriýadan, Angliýadan, Bolgariýadan we Meksikadan güýçli bäsdeşlerini utmagy başardy.
12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda çykyş eden Nebahat Myradowa (1194) 5,5 utuk gazanyp, öz reýtingini 150 punkt ýokarlandyrdy. Ol ýaryşda Gazagystandan ýaryşyň bürünç baýrakçysy Aiaura Altynbekden utuldy, ýöne Wengriýadan, Russiýadan, Finlýandiýadan we Gazagystandan gelen bäsdeşlerden üstün çykdy.
Şeýle-de, Perwana Serdarowa 6 utuk gazanyp, öz reýtingini 40 punkt ýokarlandyrdy. Perwana 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Angliýanyň çempiony Saharkar Şarwarini, şeýle-de germaniýaly we wengriýaly garşydaşlaryny utdy.
Türkmen küştçüleriniň arasynda Maksat Öwlüýägulyýew has gowy netije görkezdi. Ol 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda çykyş edip, 7 utuk gazandy we 80 gatnaşyjynyň arasynda ýaryşyň ilkinji ýigrimiligine girdi (19-njy orun).
Ýaryşyň jemi boýunça “Dünýä çempiony” adyna Russiýadan Roman Şogjiýew, Gazagystandan Danis Kuandykuly, Wýetnamdan Dau Huong Duý, Angliýadan Bodana Siwanandan, Hytaýdan Szue Tianhao, Şri-Lankadan Gunawardhana Dewindýa Oşini mynasyp boldy. Ýaryşa 67 ýurtdan 600-e golaý türgen gatnaşdy.
Türkmen küştçüleriniň noýabr aýynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçiriljek 14, 16 we 18 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda dünýä çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 11:14
8.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......