HotCars taryhda iň ygtybarly BMW-leriň sanawyny düzdi

  • 27.10.2023 15:23
  • 9.1k+

HotCars awtoulag neşiri JD Power, Kelley Blue Book (KBB), Edmunds, RepairPal, CarEdge we Consumer Reports (CR) awtoulaglarynyň ulanylýan bazarynda ygtybarlylygy, tehniki hyzmaty we bahalarynyň amatlylygy baradaky maglumatlary ulanyp, BMW modelleriniň 13-sini sanawda ýerleşdirdi.

Sanaw boýunça 2018-nji ýylyň BMW X5 krossoweri birinji orunda durýar, onuň ygtybarlylygyna we hiline J.D.-nyň hünärmenleri tarapyndan baha berlip, kuwwaty mümkin bolan 100 baldan 84 bal aldy. Onuň her ýylky tehniki hyzmaty eýesine ortaça 1186 dollara düşýär.
Taryhynyň dowamynda BMW markanyň taryhynyň ugruny düýpgöter üýtgeden käbir modelleri çykardy. BMW X5 şeýle modelleriň biridir. 90-njy ýyllaryň ahyrynda hödürlenen X5, BMW-iň ilkinji krossowerli SUV modeli bolup, kompaniýanyň wnedorožnikleriň agdyklyk edýän bazarynda üstünlik gazanmagyna kömek etdi.
Ikinji ýere 100-den 88 bal ygtybarlylyk derejesi bilen, 2017-nji ýylyň BMW 2-seriýasy mynasyp boldy. Onuň bejergisine ýylda ortaça 922 dollar gidýär. Üçünji ýeri 100-den 88 bal bilen 2016-njy ýylyň BMW 5-seriýasy eýeledi. Bu BMW-iň iň ygtybarly modellerinden biridir. Oňa hyzmat etmek üçin ýylda ortaça 892 dollar harçlanýar. 1972-nji ýylda hödürlenen BMW-5 seriýasy şu wagta çenli iň köp satylan ikinji modeli hasaplanýar.

Ulanylan awtoulaglaryň bazaryndaky iň ygtybarly BMW-ler:

  1. 2018-nji ýylyň BMW X5-i;
  2. 2017-nji ýylyň BMW 2 seriýasy;
  3. 2016-njy ýylyň BMW 5 seriýasy;
  4. 2017-nji ýylyň BMW i3-i;
  5. 2016-njy ýylyň BMW 3 seriýasy;
  6. 2022-nji ýylyň BMW X1-i;
  7. 2011-nji ýylyň BMW 3 seriýasy;
  8. BMW Z4 2007;
  9. BMW 7 Series 2007;
  10. 2017-nji ýylyň BMW X3-i;
  11. 2020-nji ýylyň BMW 8 Series Gran Coupe-y;
  12. 2022-nji ýylyň BMW 4 seriýasy;
  13. 2022-nji ýylyň BMW 7 seriýasy.

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......