Google bir gijede Disneý-iň bahasyna barabar pul ýitirdi

  • 27.10.2023 15:07
  • 9k+

Google-yň esasy kompaniýasy bolan Alphabet-iň paýnamalary girdeji barada hasabat bereninden soň, 9,5% aşaklady.

Dow Jones Market Data-yň berýän maglumatlaryna görä, Alphabet Inc.-iň paýnamalarynyň uly satuwy bir gijede onuň bazar bahasynyň 166 milliard dollardan gowrak (157 milliard ýewro) arzanlamagyna sebäp boldy.
Marketwatch-yň habaryna görä, bu Nike-yň (157,58 milliard dollar) ýa-da Disneý-iň (147,46 milliard dollar) bazar bahasyndan hem köp.
Kompaniýa seljerijileriň garaşanyndanam esasan gowy çykan görkezijileri barada hasabat berenden soň, Alphabet-iň paýnamalary 9,5% pese gaçdy, diňe bulut hasaplaýyş girdejileri garaşylýandan ep-esli azdy. Amal girdejisi, öňünden çaklanylyşy ýaly, 434 million dollar däl-de,  266 million dollar boldy.
Alphabet-iň ýitiren birneme puly Microsoft-yň üstünlikleriniň deňeşdirme fonunda has göze ilýär: bäsdeş tehnologiýa ägirtleriniň ikisi hem emeli aňyň üsti bilen pul gazanmaga synanyşýarlar.
Paýnamalaryň bahasynyň arzanlamagy «Alphabet-iň» başlangyç işlerine ünsi jemläp, emeli aň hyzmatlarynyň haýal ornaşdyrylmagy täze tehnologiýadan geljek girdejiniň ösüşini yza tesdirmegi maýadarlary ynjalykdan gaçyrýandygyna şaýatlyk edýär.


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...