Bişkekde Türkmenistanyň gatnaşmagynda ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň mejlisi geçirildi

  • 27.10.2023 15:03
  • 3.3k+

Gyrgyzystanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň 22-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy diýip, gyrgyz Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň gem-de Özbegistanyň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda ŞHG-niň çäginde söwda-ykdysady, energetika, ulag we oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler öňe sürüldi. Hususan-da, ŞHG-niň umumy ykdysady bazaryny döretmek, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi.
Mejlisiň jemleri boýunça 14 resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda ŞHG-a agza döwletleriň ministrlikleriniň hem-de döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini öwrenmek başlangyjyny, şeýle hem 2024-nji ýylda ŞHG-niň çäklerinde «Ekologiýa ýyly» bilen bagly hereketleriň meýilnamasyny aýratyn belläp bolar.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......