Aşgabatda 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi geçiriler

  • 27.10.2023 12:56
  • 3k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriler. Bu barada Arkalaşygyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Bişkekde geçirilen mejlisinde Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow aýtdy diýip, TASS belleýär.

“2024-nji ýylda Geňeşimiziň mejlisini maý aýynda Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi” – diýmek bilen, ol ilki premýer-ministrleriň duşuşygynyň boljakdygyny belledi.

Belläp geçsek, Bişkekde geçirilýän mejlise Russiýanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň hökümet baştutanlary, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň wise-premýerleri, şeýle-de Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň düzümleriniň we Arkalaşygyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşýar.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......