Nýurburgringde iň kiçi awtomobil haýallygy bilen traktordan hem yza galdy

  • 27.10.2023 11:59
  • 15k+

Quadrant YouTube kanalynda wideo ýerleşdirildi we onda meşhur Nýurburgring ýolunyň Peel P50 awtomobili bilen geçilişi görkezilýär. Wideonyň awtorlary ony meşhur ýaryş ýolunyň iň kiçi we iň haýal awtomobili diýip atlandyrdylar.

Bu Britaniýanyň 60-njy ýyllarda çykarylan üç tekerli mikroawtomobilidir. Şol wagtlar jemi 50 birlik çykarylýar. 2010-njy ýylda bolsa iki işewür olary sähel üýtgeşmeler bilen täzeden öndürmek üçin täze kompaniýany esaslandyrýar. P50 49 kub hereketlendirijisinden, takmynan, üç-dört at güýjüni berýär. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 60 km barabar.
Öňki awtomobil ýaryşyna gatnaşyjy Maks Fýutrell Demirgazyk halkasy boýunça uzyn we haýal aýlawy geçdi. Oňa çepe öwrümiň aýratyn howply boljakdygy, sebäbi hereketlendirijiniň P50-niň sag tarapynda oturdylandygy we munuň awtomobiliň agdarylma ähtimallygyny ýokarlandyrýandygy duýduryldy.
Fýutrell munuň awtomobiliň rulunda häli-häzire çenli başdan geçiren iň ünsli we dartgynly ýagdaýy bolandygyny aýtdy. Gürrüňiň “Formula 3” ýaryşlaryna gatnaşan adam barada gidýändigine ünsi çekmek gerek.
Fýutrell aýlawy 25:44,136 wagty bilen geçdi. P50 awtomobili Auto Motor uns Sport synaglarynda 24:50,570 wagtyny görkezen Claas Xerion 5000 traktoryndan hem ýaramaz netijäni görkezdi. Täze Civic Type R aýlawy 7:44,881 wagty bilen geçýär.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....