Aşgabatda mekdep mugallymlary üçin bilim robototehnikasy boýunça seminar geçirildi

  • 26.10.2023 17:53
  • 12k+

23-nji oktýabrdan 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda mekdep mugallymlary üçin bilim robototehnikasy boýunça seminar geçirildi. Oňa 27 hünärmen gatnaşdy we olar treningiň dowamynda mekdep sapaklarynda bilim robototehnikasyny ulanmak üçin zerur bilimleri, başarnyklary aldylar.

Seminar ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Onuň dowamynda mugallymlar robototehnikanyň we Scratch programmirleme diliniň esaslary, programmirlemäni we robototehnikany öwretmek üçin Arduino esasy toplumlarynyň komponentleri bilen tanyşdylar, ussatlaryň sapaklaryna gatnaşdylar we bu platformanyň kömegi bilen öz başarnyklaryny ulanyp bildiler.
Seminara gatnaşyjylar Türkmenistanda STEM dersleriniň okadylmagyny we gyzlaryň bu ugurda gatnaşygyny giňeltmek üçin okuwlaryň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Bu seminar Türkmenistanda bilim standartlaryny berkitmek we okuwçylary geljekdäki kynçylyklara taýýarlamak boýunça işleriň bir bölegidir. Bilim robototehnikasynyň bilime girizilmegi diňe bir onuň hilini ýokarlandyrman, eýsem çagalarda innowasion pikirlenişi höweslendirer, olary oýlap tapyşlara ruhlandyrar.


06.03.2026 17:29
5.3k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
831

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...