Ronaldu Ngannuwa 100 müň ýewrolyk sagat sowgat berdi

  • 25.10.2023 21:42
  • 33k+

«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu agyr agram derejesinde UFC-niň titulynyň öňki eýesi, garyşyk söweş sungatynyň fransuz-kamerun söweşijisi Frensis Ngannuwa, WBC-niň agyr agram derejesindäki iňlis çempiony Taýson Fýuri bilen boljak söweşinden öň, sagat sowgat etdi.

Ronaldu Ngannuwa Jacob & Co. bilen hyzmatdaşlykda çäkli sanda çykarylan Heart of Ronaldo sagadyndan sowgat berdi. Olaryň bahasy 100 müň ýewro barabardyr.
Fýuri bilen Ngannuwyň arasyndaky söweş 28-nji oktýabrda Er-Riýadda bolar.
Fýuri professional boksda 34 söweşde çykyş edip, 33 ýeňiş gazandy (24-si nokaut bilen). Taýsonyň gatnaşmagyndaky bir söweş deňme-deň tamamlandy.
Ngannu garyşyk söweş sungatynda jemi 20 söweş edip, 17 ýeňiş gazandy (12-si nokaut bilen) we üç ýeňlişe sezewar boldy.


düýn 16:27
3.7k+

Dana Waýt Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň biletleriniň mugt boljakdygyny aýtdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň prezidenti Dana Waýt 14-nji iýundan 15-nji iýuna geçilýän gije ABŞ-nyň Prezidentiniň resmi rezidensiýasynyň çäginde geçiriljek UFC ýaryşynyň bilet syýasaty barada maglumat berdi...

düýn 13:04
3.8k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji...

düýn 12:13
5.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

düýn 09:25
5.6k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...