Balkanly nebitçilere täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

  • 25.10.2023 19:00
  • 24k+

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Günbatar sebitdäki edara-kärhanalarynyň nebitçileri üçin her biri 16 maşgala niýetlenen, iki gatly, iki sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Ýaşaýyş jaýlary 2, 3 we 4 otaglardan ybarat bolup, olarda ýaşaýyş üçin hemme amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Ajaýyp zamanamyzda döwrebap gurlan iki gatly bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslendi.
Dabaranyň dowamynda konserniň düzümine girýän kärhanalaryň işgärlerine täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra täze ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bagtyna eýe bolan balkanly nebitçiler çykyş edip, onuň ýetip gelýän şanly senä özboluşly baýramçylyk sowgady bolandygyny buýsanç bilen bellediler.


Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buýurmasy esasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Balkanabat şäherindäki «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň ussat gurluşykçylary bina etdiler. Belentden tutulan dabarada medeni çärä giň orun berlip, onda balkanly medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Bu ýerde hormatly ýaşulular ak pata berenlerinden soň, dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynyň öý otaglaryna aýlanyp görüp, döredilen döwrebap şertlerdir giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar täze jaýlara ýokary baha berip, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de ähli ýaşaýjylara ýurtlarynyň garşy alyp, toýlarynyň toýlara, baýramlarynyň baýramlara ulaşmagyny arzuw etdiler.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4.1k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...