Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 25.10.2023 17:46
  • 11k+

24-nji oktýabrda ilçi Döwletmyrat Seýitmämmedow Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Prezident Köşgünde geçirildi diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti S.Zurabişwili Türkmenistanyň ilçisini jogapkär wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Salome Zurabişwili Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň mähirli sözleri üçin minnetdarlygyny bildirip, öz gezeginde ilçä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň mähirli we hoşniýetli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek meselelerine degip geçildi.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......