Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde festiwal çäreleri geçiriler

  • 25.10.2023 16:52
  • 5.9k+

Türkmenistanyň ussat kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy ýurdumyzda “Mukama siňem ömür” atly festiwal bilen giňden bellenilip geçiler. 27-28-nji oktýabrda Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň meýdançalarynda we ýurduň sebitlerinde döredijilik çäreleri we aýdym-saz çäreleri geçiriler. Baýramçylyga hem ýaş, hem meşhur sazandalar, artistler we sungat işgärleri gatnaşar.

Festiwalyň çäklerinde konferensiýalar, sergiler, konsertler geçiriler, drama spektakllary görkeziler we beýik kompozitoryň şahsyýeti hem döredijiligi barada dokumental filmiň tanyşdyrylyşy bolar. Ol paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda görkeziler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Mukama siňem ömür” ady bilen konferensiýa geçiriler. Şol bir wagtyň özünde Moskwada kompozitoryň ýubileýine bagyşlanan Halkara forum geçirilip, oňa abraýly ylmy, medeniýet, aýdym-saz sungatynyň işgärleri, teoretikler we saz sungatyny öwrenijiler gatnaşar.
Paýtagtyň medeniýet institutynda hem döredijilik duşuşygy geçirilip, onuň esasy temasy Nury Halmämmedowyň türkmen kino sungatyna goşan goşandy bolar. Onuň aýdym-saz kompozisiýalary “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň altyn gaznasyndan “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim”, “Keç pelek”, “Mukamyň syrlary” ýaly birnäçe kartinalary bezedi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde kompozitoryň çeper keşbini wasp edýän suratlaryň sergisi açylar. Meşhur türkmen suratkeşleriniň işleriniň ekspozisiýasy türkmen aýdymçylarynyň we wokalçylarynyň gatnaşmagynda boljak aýdym-saz çäresi bilen utgaşdyrylar.
Arkadag şäherinde Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýaşlaryň döredijilik toparlarynyň uly konserti geçiriler. Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň aýdym-saz mekdepleri we medeniýet merkezleri öz meýdançalarynda Nury Halmämmedowyň eserlerinden ýerine ýetirjek zehinli okuwçylaryň we pedagoglaryň çykyşlaryny gurnar.
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda “Dutaryň sesi” teatr oýny görkeziler, festiwalyň ýapylyş dabarasy Mukamlar köşgünde geçiriler – Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri dirižýor Resul Gylyjowyň dolandyrmagynda Nury Halmämmedowyň iň meşhur eserlerini ýerine ýetirer.
29-njy oktýabrda bolsa Russiýanyň paýtagtynda Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Dutaryň sesi” atly VII Moskwa halkara festiwaly başlar.


07.02.2026 17:24
2.8k+

Aşgabatda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda özbek şahyry, akyldary we döwlet işgäri Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy...

06.02.2026 13:29
2.2k+

Aşgabatda nusgawy türkmen filmleriniň ajaýyp sazlary ýaňlanar

Aşgabatda türkmen kinematografynyň meşhur saz eserlerine bagyşlanan konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Türkmen kinosynyň altyn mukamlary» atly sazly agşama çagyrýar...

05.02.2026 13:05
2.9k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk şüweleňine çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki hakyky baýramçylyk ruhuny wada berýär. Tomaşaçylar üçin ýönekeý bir çykyşlar däl, eýsem milli öwüşginli we halkara derejeli uly şüweleň garaşýar. Märekäniň öňünde dürli žanrlaryň ussatlary, şeýle hem dürli ýurtlaryň sirk däplerini görkezýän haýwanlar çykyş eder...

05.02.2026 12:44
814

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Neşir «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji aýynyň wakalaryny beýan edýär...