Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry Nury Halmämmedowyň ýubileýine spektakl taýýarlaýar

  • 25.10.2023 16:49
  • 2.8k+

“Köňül tary” atly täze biografiki sepktakl meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berer diýip,  “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Döwlet baýragynyň eýesi Nury Halmämmedow türkmen nusgawy aýdym-saz sungatynyň ösüşine uly goşant goşdy. Onuň gymmatly aýdym-saz mirasy bütin dünýä boýunça diňleýjileri haýran galdyrmagy we ruhlandyrmagy dowam etdirýär.
Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Bilbil Mämmedow ussat kompozitoryň ýubileýiniň öňüsyrasynda Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň topary bilen türkmen kompozitorynyň döredijiligine hormat goýujylar üçin “Köňül tary” atly täze sahna oýnuny goýmak kararyna geldi. Režissýor öňem A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda Mämmetgurban Mämmetgurbanow bilen Söhbet Serbazowyň adybir pýesasyny sahnalaşdyrypdy.
Bellenilen täze spektaklda görnükli artistler çykyş eder: şahyr Gurbannazar Ezizowyň keşbini Süleýman Eminow, aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň keşbini Şirgeldi Saparow, Nury Halmämmedowyň keşbini bolsa Perhat Sallandyýew ýerine ýetirer.
Režissýoryň belleýşi ýaly, spektaklda kompozitoryň meşhur aýdym-saz eserleri ýaňlanar. Täze sahnalaşdyrma käbir stilistik usullar, paýhasly jümleler we türkmen nakyllary bilen tapawutlanýar.
Spektaklyň premýerasy 28-nji we 29-njy oktýabrda bolar. Ol Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň çäklerinde geçiriler.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......