Hünärmenler nauşnikde uzak wagtlap aýdym diňlemegiň zyýanyny aýtdylar

  • 25.10.2023 17:32
  • 8.6k+

Nauşnikde uzak wagtlap we hemişe aýdym diňlemek eşidişe zeper ýetirip, gulak bilen bagly näsazlyklara getirip biler. “Inwitro” lukmançylyk kompaniýasynyň hünärmenleri munuň gulakda gut dykysynyň emele gelmegine getirip, infeksiýa töwekgelçiligini ýokarlandyryp biljekdigini-de anykladylar diýip, ferra.ru belleýär.

NHANES amerikan programmasynyň çäklerinde geçirilen gözleg işleri nauşnikleriň eşidişe ýaramaz täsir edip biljekdigini tassyklaýar. Bu gözleg anketalaşdyrmany we audiometrik barlaglary öz içine alyp, yzygiderli nauşnik ulanýan 20 ýaşdan 69 ýaş aralygyndaky 3583 gatnaşyjyny özüne çekdi.
Netijeler nauşnik ulanylanda erkek adamlaryň eşidiş näsazlyklaryna köp duçar bolýandygyny we bu töwekgelçiligiň ýaşyň ulalmagy bilen ýokarlanýandygyny görkezdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) görkezmelerine laýyklykda, hünärmenler aýdym-sazyň güýçlülik derejesini 85 desibelden geçirmezligi we şeýle güýçlülik derejesinde aýdym-sazy günde 60-80 minutdan köp diňlemezligi maslahat berýärler. Şeýle-de, olar gut dykysyndan we infeksiýadan gaça durmak üçin nauşnikleri arassa saklamagyň möhümdigini belleýärler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......