Brýusselde Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň Dialogyna gatnaşyjylaryň saparyna garaşylýar

  • 25.10.2023 10:06
  • 2.5k+

Brýusselde Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň Dialogyna gatnaşyjylaryň saparyna garaşylýar. Indiki aýa, 13 – 15-nji noýabra meýilleşdirilen duşuşyk Aşgabatda ýerleşýän MA üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili tarapyndan bilelikde guralýar diýip, Orient habar berýär.

Çäräniň maksady “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly global gün tertibini durmuşa geçirmekde ÝB-niň edaralary bilen tejribe alyşmakdyr.
Bu tema 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň 19-njy duşuşygynda gozgalyp geçildi. Gatnaşyjylar zenanlaryň çözgüt kabul etmekde doly we deň derejeli gatnaşygyna mundan beýläk-de ýardam etmegiň zerurdygyny bellediler we bu ministrleriň bilelikdäki beýannamasynda berkidildi.
MA-nyň zenan liderleriniň Dialogy BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardam etmeginde 2020-nji ýylyň dekabr aýynda resmi işe girizildi. Ol zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin meýdança hökmünde döredildi.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....