Raşid Meredow rumyniýaly kärdeşi bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekdiler

  • 24.10.2023 19:49
  • 10k+

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi bilen Rumyniýanyň daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekildi. Bu resminama 23-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriniň netijesinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Bu resminama iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmakda umumy tagallalaryň beýany bolup durýar.
Söhbetdeşligiň başynda L.Odobesku Merkezi Aziýanyň Rumyniýanyň wajyp hyzmatdaşy hökmündäki ornuny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ýurt Merkezi Aziýa sebiti bilen Ýewropa Bileleşigini baglaýjy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň sebitde Rumyniýanyň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellendi.
Taraplar halkara giňişliginde hem birek-biregi goldamaklygyň wajyp bolup durýandygyny bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalary goldandygy üçin türkmen tarapy Rumyniýa hoşallyk bildirdi.    
Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlykda esasy üns bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerine çekildi, olaryň hataryna ulag we energetika pudaklary hem degişlidir. Şu nukdaýnazardan, taraplar Energetika boýunça iş toparynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de Hazar deňzi - Gara deňiz ulag geçelgesiniň möhüm orna eýe bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.
Taraplar sanlylaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanmany tassykladylar. 
Söhbetdeşligiň dowamynda ynsanperwer gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn üns bilim ulgamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga, bu ugurdaky maksatnamalara berildi. Häzirki wagtda Rumyniýada 300-e golaý türkmen talyplary bilim alýar. Bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylyk 2023-nji ýylda iki ýurduň bilim ministrlikleri tarapyndan gol çekilen Hyzmatdaşlyk maksatnamasy bilen has-da berkidildi. Mundan başga-da, türkmen tarapy «Nikolaýe Titulesku» uniwersitetinde geçirilýän ýaş diplomatlar üçin gysgamöhletleýin diplomatik okuwlarynyň ähmiýetini tassyklady.

 


düýn 22:09
671

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
535

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
653

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......