Citroen C3 hetçbeginiň täze neslini tanyşdyrdy

  • 23.10.2023 12:22
  • 4k+

«Citroen» «C3» hetçbekiniň täze, dördünji neslini hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Dördünji nesil «C3» «CMP» modul platformasynda guruldy. Awtoulagyň uzynlygy 4000 mm, teker binýady 2540 mm. Goş goýulýan bölüm 310 litre çenli ulaldyldy. Şeýle hem kompaniýa salonyň has giňeldilendigini aýtdy. Öňdäki panel indi üç derejeden ybarat. Merkezi displeýiň diagonaly 10,5 dýuýma deň. Transmissiýa režiminiň selektory rul sütüninde däl-de, merkezi tonnelde ýerleşýär.
Ýewropa bazaryna ilkinji bolup «Citroen e-C3» elektrikli nusgasy çykarylar. Onuň kuwwaty 113 at güýji bolar. Awtoulag 11 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmegi başarar we iň ýokary tizligi sagatda 135 km bolar. Bir zarýadda geçjek aralygy – 320 km. 2025-nji ýylda onuň has kiçi batareýa bilen üpjün edilen we geçjek aralygy 200 km-den köp bolmadyk has ýönekeý nusgasy hem dörediler. Mundan başga-da, 1,2 litrlik hereketlendirijisi we 100 at güýji kuwwaty bolan iki sany benzin bilen işleýän nusgalary hem çykar. Täze önümiň satuwy 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....