Toyota ilkinji elektrikli Land Cruiser-i görkezdi

  • 22.10.2023 21:58
  • 24k+

Toyota kompaniýasy Japan Mobility Show sergisi üçin taýýarlan täze önümleri barada gürrüň berdi. 28-nji oktýabrdan 5-nji noýabr aralygynda köpçülik üçin açyk boljak bu çärede markanyň esasy çykyş etjek ulagy Land Cruiser Se konsepti bolar. Bu ilkinji doly elektrikleşdirilen “Kruzak”-dyr we soňlugy bilen ony köpçülikleýin öndürmek göz öňünde tutulýar.

Daşyndan seretseň Toyota Land Cruiser Se -niň flagman Land Cruiser 300 bilenem, onuň kiçisi Land Cruiser Prado bilenem hiç hili meňzeşligi ýok – diňe yzky sütünleriň töwereginden aýlanýan gapdal çyzykda meňzeşlik bar. Täze önüm baş we yzky yşyk tehnikasyny,  radiator gözeneginiň ýerine adaty elektrik awtoulaglaryna mahsus bolan boş paneli,  tigir arkalaryny we kuzowyň aşaky böleginde kontrast wstawkalary aldy.
Garaňkyradylan sütünler ýüzýän üçegiň wizual täsirini döredýär. Soňkusy göze görnüp duran spoýler bilen tamamlanýar. Adaty aýnalaryň ýerine kameralar oturdyldy.
Konseptiň ölçegleri 5150x1990x1705 mm, tigir bazasy 3050 mm. Üç hatarly oturgyçly salon ýedi adama niýetlenen we onuň suratlary entek ýaýradylanok. Elektrik gurluşy barada-da entek maglumat ýok.
Land Cruiser Se göterme kuzowa eýe we esasan, şäher şertlerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Şol bir wagtyň özünde, onuň örän oňat dolandyrylýandygy we galtly ýerlerden ynamly hereket edip biljekdigi aýdylýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......