BMW 2024-nji ýyldan Ýewropada sarp edijilere awtomobilleri göni satar

  • 21.10.2023 15:12
  • 14k+

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG (BMW Group) awtoöndürijisi 2024-nji ýylda awtomobilleri ýewropaly sarp edijilere göni satyp başlamagy meýilleşdirýär diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

1-nji ýanwardan başlap täze satuw modeli Italiýada, Polşada we Şwesiýada Mini markasyna degişlilikde hereket edip başlar. Soňra bu kem-kemden Ýewropanyň beýleki ýerlerine-de ýaýrar, BMW-niň özüniň bu modele 2026-njy ýyldan geçmegine garaşylýar.
Ähli täze BMW we Mini awtomobilleri, şeýle-de BMW Group-yň tas täze awtomobilleri agentlik modeli arkaly satylar diýip, kompaniýa belleýär. Riteýlerler alyjylar üçin aragatnaşyk nokady bolup galar we her bir satylan awtoulag üçin belli bir komissiýa alar.

“Täze satuw modeli alyjylar, ownuk söwda hyzmatdaşlary we BMW Group üçin bähbitli bolar. Bir ýurduň çäginde birmeňzeş awtomobil modelleri üçin standart bahalar alyjylar üçin baha durnuklylygyny üpjün eder. Mundan başga-da, agentlik modeline geçilmegi bilen BMW Group ähli prosesi sanlylaşdyryp, alyjylara onlaýn we oflaýn satuwyň arasynda saýlamak, şeýle-de bu iki kanalyň arasynda akgynly geçiş mümkinçiligini hödürlär” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar.

Sarp edijilere göni satuw modelini Tesla amerikan kompaniýasy hem ulanýar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......