Täze Toyota Camry-nyň ilkinji suraty çap edildi

  • 20.10.2023 18:28
  • 40k+

Toyota geljekki awtoulagyň tizerini «Täze daň atýar» diýen ýazgy bilen çap etdi. Kompaniýa haýsy awtoulag hakda gürrüň gidýändigini aýdyňlaşdyrmady, ýöne her näme-de bolsa, suratdaky täze Toyota Camry bolsa gerek. Muny görkezýän birnäçe alamat bar.

Birinjiden, täze Camry-nyň 2024-nji ýylda çykmagyna garaşylýar we tizeriň wagty bu meýilnama laýyk gelýär. Häzirki Camry XV70-iň 2017-nji ýylda çykandygyny we 2020-nji ýylda onuň gaýtadan üýtgeşmä sezewar edilendigini ýatladýarys. Emma senagat standartlary boýunça ol eýýäm köneldi.
Ikinjiden, surat garaňkyradylan bolsa-da, görünýän awtoulagyň sudury her näme diýseňem Camry-a meňzeýär. Emma faralary täze Priusdan alnan ýaly.
Camry-nyň täze nesli köpçülige ilkinji gezek üstümizdäki ýylda çykarylsa gerek: ýa-ha SEMA 2023 týuning-şüweleň sergisinde (31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda geçiriler) ýa-da Los-Anželes awtoulag sergisinde (17-nji noýabrdan 27-nji noýabr aralygynda geçiriler). Iki çäre hem Demirgazyk Amerikanyňky we bu örän gyzykly: ABŞ-da Camry, ýaşyna garamazdan, henizem ýörgünli.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......