X sosial ulgamy esasy aýratynlyklary ulanmak isleýän täze ulanyjylardan ýylda 1 dollar töleg alar

  • 20.10.2023 16:16
  • 8k+

X (öňki Twitter) sosial ulgamy platformanyň esasy aýratynlyklaryny ulanmak isleýän täze ulanyjylardan töleg üçin ýylda 1 dollar alyp başlar. Bu barada Fortune žurnaly öz çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, töleg geçirilenden soň, ulanyjylar ýazgylary goýup, ýazgylara jogap berip we olardan sitata getirip bilerler, repost edip, “halaýan” goýup, belliklere bellikleri goşup, sanawlar döredip bilerler.
Sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask 19-njy sentýabrda kompaniýanyň ulanyjylaryna “botlaryň goşunyna” garşy göreşmek üçin “aýlyk az mukdarda” pul tölediljekdigini aýdypdy.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
914

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...