Noýer 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ýewro-2024-de Germaniýanyň milli ýygyndysynyň kapitany bolmaz

  • 20.10.2023 15:49
  • 14k+

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýulian Nagelsman derwezeban Manuel Noýeriň milli ýygynda gaýdyp gelen ýagdaýynda-da Ýewropa çempionatynda kapitan bolmajakdygyny aýtdy.

2017-nji ýyldan bäri milli ýygyndynyň kapitany bolan Noýer geçen dekabrda lyžada typýarka aýagyny döwdürdi we on aý meýdança çykyp bilmedi.
Nagelsman Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatynda Ilkaý Gündoganyň kapitan bolup galjakdygyny belledi.
Ýakyn wagtdaky oýunlarda 37 ýaşly Noýeriň «Bawariýanyň» düzümine goşulmagyna we meýdançalara gaýdyp gelmegine garaşylýar.
Germaniýa 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Ýewropa çempionatyny geçirer.
Noýer Germaniýanyň milli ýygyndysynda 117 oýna gatnaşdy, 2014-nji ýylda dünýä çempiony, 2010-njy ýyldaky dünýä çempionatynda we Ýewro-2012-de bürünç medalyň eýesi boldy.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....