Nissan üçburç teker diskleri bolan awtomobili görkezdi

  • 20.10.2023 10:35
  • 24k+

Japan Mobility Show sergisiniň öňüsyrasynda Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi Hyper Punk konseptual krossoweri barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Awtomobil burçly kuzowa we üçburç diskleri bolan özboluşly tekerlere eýe boldy. Stile we innowasiýa baha bermegi başarýan döredijilik adamlary üçin niýetlenen bu elektromobil Nissan Hyper konsept tapgyryny dowam etdirýär.
Hyper Punk-yň kuzowy kümüşsöw reňk bilen örtülen köpgyraňly we köpburçly üstlerden ybarat. Ol syn ediş burçuna we ýagtylandyryş çeşmesine baglylykda reňkini üýtgedýär. Awtomobiliň salony ykjam döredijilik studiýasy hökmünde taslanan. Awtomobiliň kameralary peýzažy surata düşürip, emeli intellektiň kömegi bilen ony grafiki nagyşlara ýa-da manga stilindäki surata öwrüp biler.
Hyper Punk-yň salony ilkibaşda Internete bökdençsiz elýeterlilik bilen döredijilik studiýasy hökmünde döredildi. Oturgyjyň kelle goýulýan ýerindäki biosensorlar sürüjiniň şähdini kesgitleýär. Konsept, Nissan-yň nygtamagyna görä, sürüjiniň energiýasyny we döredijilik potensialyny artdyrmak üçin aýdym-sazy we ýagtylygy sazlap bilýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....