Ýaponiýada COVID-19-dan goranmak üçin bäş sekunt düzgüni oýlanyp tapyldy

  • 20.10.2023 10:33
  • 12k+

Sukuba uniwersitetinden we Halkara Ýuwaş umman uniwersitetinden ýaponiýaly hünärmenleriň topary gözleg geçirip, howa-damja ýoly arkaly geçýän dürli keseller bilen kesellemegiň iň ýokary derejesiniň keseliň çeşmesi bolan adama duşanyňdan soň ilkinji bäş sekuntda ýüze çykýandygyny anykladylar. Olaryň işiniň netijesi Scientific Reports žurnalynda çap edildi diýip, TASS habar berýär.

Alymlar ýokary tizlikli kameranyň kömegi bilen lazer listi diýlip atlandyrylýan usul arkaly dem alyş we gepleýiş prosesi wagtynda adamyň agzyndan çykýan kiçijik bölejikleriň tizligini ölçediler. Hünärmenler dürli durmuş ýagdaýlaryny, adamlaryň dürli hereket tizligini imitirlediler, şeýle-de otagda ýelejiretmäniň näderejede gowy üpjün edilendigini göz öňünde tutdular.
Netijede, olar koronawirus, dümew ýa-da şuňa meňzeş başga bir kesellere ýolukmagyň iň ýokary derejesiniň kesel çeşmesi bilen aragatnaşygyň ilkinji bäş sekuntyna düşýändigini hasapladylar. Şondan soň keselleme howpy peselýär – bu, esasan, gowy ýelejiredilýän otagda çalt bolup geçýär.
Ýaponiýaly hünärmenleriň pikiriçe, aragatnaşygyň ilkinji bäş sekuntynda seresaplylyk çäreleriniň görülmegi howa-damja ýoly arkaly geçýän wirus bilen keselleme howpuny nola getirer. Öňüni alyş hereketleriniň mysaly hökmünde alymlar dem alşy saklamagy we azyndan 1 metr fiziki aralygy saklamagy teklip edýärler.


10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

25.03.2026 15:13
2.5k+

Ýapon alymlary ýetginjeklerde köp duşýan täze görnüşli leýkozyň üstüni açdylar

Ýapon alymlary gan düwnük keseliniň esasan ýetginjeklerde has köp duşýan täze we howply görnüşini tapdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Milli onkologiýa merkeziniň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Keniti Ýosida habar berdi...

22.02.2026 17:06
2.4k+

Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy

Ýaponiýada Parkinson keselini bejermek üçin induksirlenen plýuripotent sütün öýjükleri (iPS-öýjükleri) esasynda işlenip düzülen derman serişdesini ulanmaga bölekleýin rugsat berildi. Bu barada Kioto uniwersitetiniň ýanyndaky iPS-öýjüklerini barlamak we ulanmak instituty habar berdi...

02.02.2026 15:57
3.5k+

Ýapon alymlary Nipah wirusyna garşy sanjym döretdi: ol aprelde adamlarda synag ediler

Tokio uniwersitetiniň Ösen ylym we tehnologiýa gözleg merkeziniň hünärmenleri Nipah wirusyna garşy sanjym işläp taýýarlady. Nikkei gazetiniň habar bermegine görä, aprel aýynda sanjymyň adamlardaky synagynyň birinji tapgyry başlanar...