Toyota FT-Se elektrik sportkupesini çykarjakdygyny yglan etdi

  • 20.10.2023 09:50
  • 7.5k+

«Toyota» korporasiýasy Tokiodaky sergide «FT-Se» konsept sportkaryny we «FT-3e» krossowerini tanyşdyrar. Bu barada awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy habar berýär.

«FT-Se» elektrik sportkarynyň taslamasy düzülende «Toyota-nyň» «Gazoo Racing» (GR) sport bölüminiň taslamalary peýdalanyldy. Kupe görnüşli ulagyň pes we giň korpusy aerodinamiki garşylygy azaltmak üçin niýetlenendir. Sürüji üçin gowy görüşi üpjün etmek maksady bilen öňdäki panel pesde ýerleşdirildi.
Awtoulagyň elektrik hereketlendiriji bilen işlejekdigi mälim edildi, ýöne awtoulag öndürijisi bu modeliň tehniki aýratynlyklaryny aýan etmeýär.
«FT-3e» krossoweri sada we gysga kuzow çyzyklary bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň içinde sürüji ulaga ýakynlaşanda batareýanyň zarýady, salonyň temperaturasy we howanyň hili barada maglumatlary görkezýän sanly displeýler ýerleşdirildi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......