Pakistanyň Maýa goýumlar geňeşi TOPH taslamasyny çaltlaşdyrmagy tabşyrdy

  • 18.10.2023 18:27
  • 11k+

Yslamabat tarapyndan döredilen Maýa goýumlara ýardam etmek boýunça ýörite geňeşiň (SIFC) Ýokary komiteti Pakistanyň Daşary Işler Ministrligine we Nebit departamentine Saudi Aramco-nyň we Pakistan State Oil nebitgaz kompaniýasynyň, şeýle-de TOPH gaz geçirijisiniň meselelerini çözmegi çaltlaşdyrmagy tabşyrdy. Bu barada Business Recorder-e salgylanyp, ORIENT habar berýär.

SIFC komiteti, aýratynam, TOPH taslamasy we beýleki ileri tutulýan taslamalar boýunça bellenilen möhletde anyk netijeleri gazanmak boýunça tabşyryklary berdi.
2023-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli şular baglaşylmaly: kabul edýän ýurduň hökümeti bilen şertnama (HGA); Gaz daşamak barada şertnama; Turbogeçiriji ulgamyň düzgünleri we beýlekiler.
Şeýle-de, komitet Nebit, senagat we önümçilik ministrinden we Maliýe ministrinden senagatyň, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň, söwda we durmuş sarp edijileriniň zerurlyklary üçin durnukly gaz üpjünçiligini üpjün etmek boýunça işleriň gidişi barada hasabat sorady.
Ministrler derejesinde Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn almagyň mümkinçiliklerini we mehanizmini öwrenmek üçin gepleşikleriň geçiriljekdigi, şeýle-de Azerbaýjandan/Türkmenistandan gazyň “çalşyrma” üpjünçiliginiň mümkinçiliklerine hem garaljakdygy habar berilýär.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...