«Arkadagyň säheri» kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

  • 16.10.2023 18:28
  • 27k+

15-nji oktýabrda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwalynyň jemleýji gününde kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşy, şeýle hem bu kinofestiwalyň ilkinji gününiň wakalary baradaky wideofilminiň görkezilişi dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy.
Dabaraly pursat -- Halkara kinofestiwalynda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy başlandy. Gazagystanyň “Gopuz”, Täjigistanyň “Sary çeşme”, Türkmenistanyň “Toý köýnek”, “Umyt”, “Nesibe”, Özbegistanyň “Üzüm”, “Meniň arzuwym Özbegistan”, Gyrgyzystanyň “Umut”, “Öz kakasynyň ogly”, “Poçtasy” filmleri, şeýle hem TRT teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň “Bozdag” Group kompaniýasy, Russiýanyň “Ahalteke” atly filmi, diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.
Soňra kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň “Sary ömür” filminiň hem-de ikinji orny eýelän Gyrgyzystanyň “Gelin heýkeli” filminiň döredijilik toparlaryna sylaglar gowşuryldy.
Halkara kinofestiwalynda birinji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewiň “Kagyza ýazylan ykbal” filmine “Akhan” binasynyň keşbindäki kubok gowşuryldy.
Türkiýe Respublikasyndan kinorežissýor Mehmet Bozdag we «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte ýörite sylaglara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.
Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde fransuz, türk, rus, gyrgyz, täjik, kazak, azerbaýjan we özbek dillerinde aýdymlar ýaňlandy. “Arkadag şäheri—bagtyň şäheri” aýdymy medeni çäräniň aýratyn bezegine öwrüldi.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......