Subaru çäkli sanda öndürilen BRZ kupesini görkezdi

  • 16.10.2023 12:15
  • 4.7k+

«Subaru» ýapon awtoulag öndürijisi «BRZ» sport kupesiniň ikinji neslini Italiýa bazaryna çykardy we bu waka üçin modeliň çäkli ýörite görnüşini taýýarlady. Bu barada Motor1 habar berýär.

«Blue Pearl» diýlip atlandyrylýan gök reňk öwüşginine boýalan bu awtoulagyň öňünde we yzynda spoýlerler oturdyldy, 18 dýuýmlyk ýeňil «OZ Racing Ultraleggera Race Gold» teker diskleri bilen üpjün edildi, olarda bu ýörite wersiýasynyň ady – ýapon dilinden terjime edilende «dag geçelgesi» diýmegi aňladýan «Touge» ýazgysy ýerleşdirldi. Her tekeriň agramy 8,7 kg-dyr.
«Subaru BRZ Touge» diňe 6 basgançakly mehaniki geçiriş korobkasy we öz-özüni bloklaýan diferensial bilen elýeterlidir. Awtoulag 231 at güýji kuwwaty bolan 2,4 atmosfera benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.
«Subaru BRZ Touge-nyň» Italiýa bazary üçin niýetlenen ýörite wersiýasy 60 nusgada çykarylar, awtoulagyň bahasy 49,5 müň ýewro bolar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....