Jaguar F-type ulagynyň ahyrky nusgasyny çykarar

  • 15.10.2023 23:28
  • 5.7k+

«Jaguar» ýangyç hereketlendirijileri bolan sport ulaglarynyň döwrüni tamamlajak çäkli mukdardaky «Jaguar F-type ZP Edition» ulagynyň çykarylandygyny habar berdi.

«F-type ZP Edition-yň» bary-ýogy 150 sany nusgasy «Jaguar» tarapyndan döredilen iň soňky ýangyç bilen işleýän sport awtoulagy bolar. 575 at güýji kuwwaty bolan V8 hereketlendirijileri oturdylan bu benzinli «F-type» «SV Bespoke-iň» şahsylaşdyryş (personalizasiýa) boýunça hünärmenleri tarapyndan ýörite işlenip düzülen interýer we eksterýer aýratynlyklary bilen tapawutlanýar» diýlip, kompaniýanyň beýanynda aýdylýar.
«Jaguar» 2025-nji ýyla çenli diňe elektrikli awtoulag önümçiligine geçmegi meýilleşdirýär. «F-type ZP Edition-yň» gapylaryndaky ak tegelek şekiller 1961-nji ýylda bazara çykarylan we dizaýnynyň meşhur nyşanyna öwrülen «Jaguar E-type» sport awtoulagynyň mahabat kampaniýasyna degişlidir. «E-type» ulaglarynyň biri Nýu-Ýorkuň häzirki zaman sungat muzeýiniň ýygyndysyna girizildi.
«Jaguar F-type» nesliniň çäkli mukdarda öndürilen hoşlaşyk seriýasy ak reňkli oktan radiator gözenegi, 20 dýuýmlyk tekerler we salonyň goşmaça gara bezegleri bilen üpjün edildi. ulagyň gapdal gyralarynda, gapysynyň bosagasynda we dolandyryş panelinde awtoulagyň çäkli seriýa degişlidigini görkezýän ýazgylar bar. Şeýle hem awtoulagda 1 – 150 aralygynda haýsy seriýa degişlidigini görkezýän belgiler ýerleşdiriler.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....