Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly geçirildi

  • 15.10.2023 14:54
  • 47k+

14-nji oktýabrda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy geçirildi.

Halkara kinofestiwalyň dabaraly açylyş çäresine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, fotohabarçylar, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Şeýle hem bu halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň kino işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyza geldiler.
Teatra tarap uzalyp gidýän gyzyl ýoda boýunça ilkinji bolup ýurdumyzyň kino işgärleri, ýagny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte», «Wada», «Daragt», «Ýaşlar», «Kämillige ýol» atly filmleriniň döredijilik toparlary, soňra bolsa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň döredijilik toparlary geçdiler.
Olaryň hatarynda, Özbegistanyň Kinematografiýa baradaky milli agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte, şeýle hem film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, kino ýyldyzlary – Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu, Fransiýa Respublikasynyň «Monde et Media» kompaniýasynyň artisti Eduard Montoute hem-de prodýuseri Jean-Mariýa Laronze bar.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň zalynda halkara kinofestiwalyna gatnaşýan kino işgärleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldular we surata düşdüler. Teatryň zalynda kwartet sazlarynyň ýerine ýetirilmegi bolsa dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
«Arkadagyň säheri» halkara kinofestiwaly açyk diýlip yglan edilenden soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Açylyş dabarasy ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň taýýarlan «Oguz han» atly edebi-sazly çykyşy bilen dowam etdi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada taýýarlanylan wideofilmiň görkezilmegi çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi.
«Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň kubogynyň sahna getirilmegi bilen gatnaşyjy ýurtlaryň filmleri tanyşdyryldy, ýagny her ýurt kinofestiwala getiren filmleri barada gürrüň berdi.
15-nji oktýabrda, ýagny medeni çäräniň jemleýji gününde halkara kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Geljek ýylda ýurdumyzyň Änew şäherinde «Gorkut Ata» atly kinofestiwaly geçiriler.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......