ABŞ-da täze elektrik awtoulagynyň ortaça bahasy bir ýylyň dowamynda 15 müň dollar töweregi arzanlady

  • 15.10.2023 14:05
  • 10k+

Soňky bir ýylda elektrik ulaglary ABŞ-da ep-esli arzanlady. Kelley Blue Book tarapyndan geçirilen soňky gözleglere salgylanýan InsideEVs -iň ýazmagyna görä, geçen sentýabrda batareýa bilen işleýän täze awtoulagyň ortaça bahasy, 2022-nji ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende, 22% -den gowrak arzanlady. Amerikan bazarynda agdyklyk edýän Teslanyň agressiw nyrh syýasatynyň bu meselede uly rol oýnandygy aýratyn bellendi.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda täze elektrik awtoulagynyň ortaça bahasy, bir ýyl ozalky 65 295 dollar bilen deňeşdirilende, 50 683 dollara çenli arzanlady. Döwlet ýeňillikleri 4 999 dollar boldy - bu soňky bahanyň 9,8%-i. Şu awgust bilen deňeşdirilende, ýurtda elektrikli awtoulaglar ortaça 1,529 dollar arzanlady.
Görnüşiň köpelmegi bahalaryň arzanlamagyna we satylyş mukdarynyň ýokarlanmagyna hem täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, soňky bir ýylda Amerikan bazarynda 15 sany täze batareýa modeli peýda boldy.
ABŞ-nyň täze awtoulaglar bazarynda ýylyň dowamynda ulagyň ortaça bahasy bary-ýogy 0,7% aşaklap, 47 899 dollar boldy.
Kelli Blue Book tarapyndan Amerikanyň kaşaň awtoulag bazarynyň lideri diýip atlandyrylýan Teslanyň 12 aýyň dowamynda bahalary 24,7 göterim arzanlady. Bu ugurda ol Acura-dan, Lexus-dan, Infiniti-den we Volvo -dan öňde durýar. Hususan-da, Model 3 sedany 26% -denem gowrak arzanlap,  41 484 dollar boldy.
Şol bir wagtyň özünde Audi we Porsche ýaly kompaniýalar ýylyň dowamynda bahalaryny 8 göterim, Mersedes-Benz 10 göterim ýokarlandyrdy. Köpçüligiň bazarynda bahalar 1% ýokarlanyp, 44 626 dollara ýetdi.


düýn 12:31
1.6k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......