Dünýäde söwdanyň näçe göterimi onlaýn amala aşyrylýar? Forbes-iň we Asmanexpress-iň statistiki maglumatlary

  • 14.10.2023 20:57
  • 14k+

Forbes neşiriniň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde bölekleýin edilýän söwdanyň bäşden biri, ýagny 20,8% onlaýn amala aşyrylar. Bu diýmek, hojalyk ýa şahsy zerurlyk üçin dükana ýa bazara gidip edilýän söwdanyň bäşden biri öýde oturan ýeriňden onlaýn ediler diýmegi aňladýar. Eýsem, onlaýn söwda islegiň şular ýaly tiz depginde ösmeginiň sebäbi näme? Dünýäniň statistiki maglumatlaryna görä bu sowala jogap berilýär.

Rambler&Co tarapyndan geçirilen pikir soraşmalaryň netijeleri boýunça eltip bermek hyzmatyndan peýdalanýanlaryň birnäçe satyn alyjylyk endikleri ýüze çykaryldy. Netijede,

  • Pikir soraşylanlaryň 54%-i öýde haýsy hem bolsa bir harydyň ýokdugyny bilen wagtlary sargyt edýärler;
  • 31%-i pul harçlamalaryny öňünden meýilleşdirip, gerek zatlaryny öňünden düzen sanawlary esasynda sargyt edýärler;
  • 13%-i üçin arzanlaşyklar we aksiýalar möhüm, bular onlaýn söwda arkaly arzanlaşykdaky harytlary satyn almagy saýlaýarlar;
  • 2%-i öňki onlaýn eden söwdasyny gaýtalaýarlar;

Onlaýn söwdany näçe wagtdan edip durýarlar:

  • Pikir soraşylanlaryň 30%-i hepdede birnäçe gezek söwda edýärler;
  • 23%-i aýda iki gezek söwda edýärler;
  • 20%-i bir gezek söwda edýärler;
  • 17%-i hepdede bir gezek;
  • Her onunjy adam birnäçe aýdan bir gezek söwda edýär.

Ýene-de biraz statistika
Türkmenistanda 10 minutda eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýän onlaýn söwda platformasy bolan «Asmanexpress» 2023-nji ýylda müşderileriň haýsy harytlary ýygy-ýygydan satyn alandyklary barada maglumatlaryny paýlaşdy. Maglumatlara görä, müşderiler onlaýn sebedine adamlar köplenç miwe we bakja önümlerini (11%), et we balyk (11%), süýt önümleri (10%), çörek önümleri (10%) goşýarlar. Iň köp satyn alan harytlary Arassa Asman 19 litr suwy, pepsi, ýeralma, sogan, doňdurma. Miwe we bakja önümlerinden has köp pomidor satyn alypdyrlar (hyýara garanyňda, 15% köp). Iň meşhur miwe — limon. Süýt önümlerinden 2,5% ýaglylykdaky süýt. Et önümlerinden sygyr eti, çörek önümlerinden türkmen çörek alyndy.
Rambler&Co-nyň 18-45 ýaş aralygyndaky 130 müň adamyň arasynda geçiren pikir soraşmasynyň netijesi boýunça jogap berenleriň 44%-i harytlary onlaýn satyn alýarlar.
Bu endik Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýar. Muňa Asmanexpress onlaýn platformasy hem goşandyny goşýar. Eltip bermegiň tizligini (bary-ýogy 10 MINUT!) we harytlaryň hilini kepillendirýän Asmanexpress hemmeleri onlaýn söwda etmegiň ýeňilliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.

Asmanexpress – pikir edişiňizdenem ÇALT!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:30-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
+99361282393;
+99364 755997
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......