Türkestan 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlandy

  • 14.10.2023 17:11
  • 9k+

Türkestanda (Gazagystan) geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň syýahatçylyk ministrleriniň sekizinji duşuşygynda Türkestany 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlamak kararyna gelindi. Bu barada 3-nji noýabrda şu şäherde geçiriljek TDG ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammitinde resmi taýdan yglan etmek meýilleşdirilýär.

Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygynyň yzyndan, 12-nji oktýabrda Türkestanda türki ýurtlaryň wekilleriniň arasynda syýahatçylyk foumy geçirildi. Forumyň esasy maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň indiki paýtagty hökmünde Türkestan şäheri bilen tanyşmakdan ybarat boldy.
Forumda gazak tarapy TDG-niň agza döwletleriniň we synçy döwletleriniň arasyndaky howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, bilelikdäki syýahatçylyk önümlerini döretmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek we häzirkizaman “Ýüpek ýoly” ugruny ösdürmek ýaly birnäçe başlangyçlary we toplumlaýyn çäreleri hödürledi.
Belläp geçsek, häzirki wagtda türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty adyny Azerbaýjanyň Şemahy şäheri göterýär. Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň başlygynyň geňeşçisi Kýanan Guluzadeniň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylyň 9 aýynda Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Wengriýadan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan Azerbaýjana baryp görenleriň sany, degişlilikde, 32, 59, 20, 91, 78 we 188 göterim artdy.


06.06.2026 10:03
16k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 14:35
6k+

Gazagystan sebitde ilkinji bolup, emeli ýagyn tehnologiýasyny ulandy

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt......

23.05.2026 19:54
2.8k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......