Noýabr aýynyň ortalarynda Bişkekde GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň mejlisi geçiriler

  • 14.10.2023 17:31
  • 10k+

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde noýabr aýynyň ortalarynda GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň mejlisi geçiriler. Trend-iň belleýşi ýaly, bu barada Bişkekde geçirilen GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemi boýunça GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

“16-17-nji noýabrda, şu ýerde, Bişkekde GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň mejlisi geçiriler. 8-nji dekabrda Gyrgyzystan Respublikasynyň baştutanlygynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Men heniz geçirilmeli çäreleriň hem mynasyp, guramaçylykly we iň esasysy, GDA-nyň çäginde integrasion hyzmatdaşlygy berkitmek üçin netijeli geçiriljekdigine ynanýaryn” – diýip, Lebedew belledi.

Lebedew Gyrgyzystan Respublikasynyň hökümeti, Daşary işler ministrligi we çen bilen 26-njy oktýabrda Bişkekde hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hödürlenjek ylalaşyklary we şertnamalary taýýarlamak üçin jogapkär ykdysady gurluşlar bilen bilelikde işjeň işleriň alnyp barylýandygyny belledi.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

28.03.2026 23:25
12k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....