Toyota iň ygtybarly awtoulaglary öndüriji adyny tassyklady: Toyota Crown 2023 ABŞ-da Top Safety Pick+ baýragyny aldy

  • 13.10.2023 17:02
  • 20k+

ABŞ-da Toyota Crown 2023 howpsuzlyk synagyndan geçirildi we bu sedan özüni örän gowy görkezdi. Synaglaryň netijesinde ol Top Safety Pick+ baýragy bilen sylaglandy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş instituty öň we gapdal urgularda “gowy” bahany berdi, iň ýokary baha hem gündiz, hem gije deň derejede netijeli bolan “maňlaý” çaknyşygynyň öňüni alyş ulgamy üçin berildi.
Diňe XLE başlangyç wersiýasynda Toyota Crown 2023-iň faralarynyň synagy birneme gowşak boldy: bu ugurda ol “kanagatlanarly” baha aldy. Limited we Premium wersiýalarynda faralaryň işleýşi gowy bahalara mynasyp boldy.
Toyota Crown 2023-nji ýylyň modeli hökmünde 2022-nji ýylyň iýul aýynda ABŞ-da ilkinji gezek görkezildi. Bu sedan iki güýç gurluşy bilen hödürlenýär. XLE we Limited wersiýalarynda – bu iki elektrik hereketlendirijisi we e-CVT wariatory bilen 2,5 litrlik dört silindrli motordyr, Platinum wersiýasynda bolsa 2,4 litrlik turbinaly motor, iki elektromotor we 6 basgançakly “awtomat” ulanylýar. Iň ýokary güýç gurluşynyň kuwwaty 340 at güýjüne deň.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......