GDA-nyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi Minskde geçiriler

  • 13.10.2023 17:24
  • 2.1k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) indiki mejlisi geljek ýylyň aprel aýynda Minskde geçiriler. Bu barada Arkalaşygyň DIMG-niň mejlisinde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“GDA-nyň Daşary işler ministrleri tarapyndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hormat nyşany bilen sylaglamak we Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirmek kararyna gelindi” – diýip, Lebedew belledi.

Şeýle-de, ol GDA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň dar düzümde geçirilen duşuşykda halkara gün tertibiniň we Arkalaşygyň çäginde özara gatnaşyklaryň häzirki meseleleri boýunça pikir alyşandyklaryny aýtdy.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......