BMW X2 kross-kupesiniň täze neslini tanyşdyrdy

  • 13.10.2023 15:58
  • 6.3k+

Nemes awtoulag öndürijisi «BMW» «X2» kross-kupesiniň ikinji neslini tanyşdyrdy. Täze ulagyň dünýä bazarlaryndaky satuwy 2024-nji ýylyň mart aýynda başlar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Birinji nesil awtoulag bilen deňeşdirilende, täze ulag, takmynan, 200 mm uzyndyr, onuň teker bazasy hem 230 mm ulaldy. Maşynyň üçeginiň arka tarapy has egri edildi, bu bolsa ony hasam kupe meňzedýär. Bu modeliň aerodinamiki garşylyk koeffisiýenti 0,25-e deňdir.
Onuň salonynda 10,7 dýuýmlyk egri displeý we original grafikasy bolan 10,25 dýuýmlyk sanly gurallar paneli ýerleşdirilipdir. Panorama üçegi mümkinçiligi hem elýeterlidir. Awtoulag media ulgamyna we awtoulagyň işleýşine gözegçilik etmek üçin dokuzynjy nesil «iDrive» ulgamy bilen üpjün edildi.
Ýewropada 170 at güýji kuwwaty bolan 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisi bolan adaty nusga satylar. Iň kuwwatly nusgasy bolsa 300 at güýjüni öndürýän iki litrlik hereketlendirijä eýe bolar. Mundan başga-da, ýewropalylara 150 at güýji bolan dizel hereketlendirijili nusga hödürlener. Ähli wersiýalar hem ýedi basgançakly robotizirlenen geçiriş korobkasy bilen üpjün ediler.
Şeýle hem umumy kuwwaty 313 at güýji bolan iki sany elektrik hereketlendirijisi (her okda biri) bilen enjamlaşdyrylan «BMW iX2» elektrikli görnüşi hem hödürlenýär. Onuň hereket ätiýaçlygy 450 km-dir. 0-dan 100 km/sag tizlige 5,6 sekuntda çykýar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......