Toyota Prius 2024 tanyşdyryldy

  • 13.10.2023 09:19
  • 13k+

«Toyota» 2024-nji ýyl üçin niýetlenen «Toyota Prius» ulagyny tanyşdyrdy. Ol daşky keşbi boýunça geçen ýylky nusgadan tapawutlanmaýar, oňa ujypsyz üýtgeşmeler girizildi we bahasy has gymmatladyldy.

Öňdäki tekerleri hereketli «LE-niň» bahasy indi 28745 dollardan başlaýar, bu geçen ýylkydan 300 dollar gymmatdyr. Bu nesil «LE», «XLE» we «Limited» nusgalaryndan ybarat, olaryň her biri Öňdäki tekerleri hereketli ýa-da ähli tekerleri hereketli görnüşde hödürlenýär. Iň uly wersiýanyň bahasy 36960 dollar.
Ulagyň kuzowynda «Zero Beyond» nyşany peýda boldy, «Toyota» munuň «uglerod-bitarap geljege ýakynlaşmakda global tagallalary» alamatlandyrýandygyny belleýär. Mundan başga-da, multimediýa ulgamynda «Apple Music» we «Amazon Music» müşderileriniň hasaplaryny awtoulagyň maglumat-dynç alyş ulgamyna birikdirmäge mümkinçilik berýän funksiýa bar.
Täze wersiýada «ýakymly we tapawutly» täze gulplama we gulpdan açma sesi bar. Kompaniýa sesiň belent-pesliginiň maglumat-dynç alyş ulgamynda sazlanyp bilinjekdigini belleýär.
2024-nji ýyl üçin niýetlenen «Prius» alty reňkde hödürlenýär: «Wind Chill Pearl», «Cutting Edge», «Guardian Gray», «Midnight Black Metallic», «Supersonic Red» we «Reservoir Blue». Awtoulag 194 at güýji kuwwaty bolan, ähli tekerleri hereketli nusgalarda bolsa 196 at güýjüni öndürýän 2 litrlik gibrid hereketlendiriji bilen üpjün edildi.
2024-nji ýyl üçin niýetlenen «Toyota Prius» noýabr aýynda dilerlere paýlanar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......