Redmi Note 12 5G adaty bolmadyk, emma wajyp rekord goýdy

  • 13.10.2023 09:15
  • 16k+

«Redmi Note» enjamlary dünýäde iň meşhur «Android» smartfonlarynyň hataryndadyr, ýöne onuň käbir modelleri has meşhurdyr. Bu ýyl «Redmi Note 12 5G» şeýle meşhurlyga eýe boldy: «Xiaomi» bu modeliň beýleki «Android» smartfonlaryndan öňe geçip, 2023-nji ýylda satuwynyň 1 million enjama ýetendigini habar berdi.

Bu netije şu ýylyň ýanwar – iýul aýlary aralygyndaky statistika maglumatlaryna esaslanýar. Ýagny, bu döwürde «Android» bilen işleýän hiç bir smartfon hem bazara «Redmi Note 12 5G» ýaly üstünlikli çykmady.
«Redmi Note 12 5G» «SoC Snapdragon 4 Gen 1-de» çipi bilen işleýär, enjam Full HD+ durulygy we kadr ýygylygy 120 Hz bolan 6,67 dýuým diagonally AMOLED ekrany, 48, 8 we 2 MP durulygy bolan datçikli kameralar we 5000 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edilendir.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....