Arkadag şäherinde Merkezi Aziýanyň zenan senetçileriniň halkara jemgyýetçiliginiň dialogy geçirildi

  • 13.10.2023 08:16
  • 4.5k+

12-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara dialog geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçen bu halkara çärä Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň haly, keçe we keşdeçilik sungaty ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly habar berdi.
Dabaranyň başynda täze Arkadag şäheri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.
Şeýle hem halkara dialoga sanly ulgam arkaly gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň milli halyçylyk, keşdeçilik sungatlary we zenanlaryň el işleri baradaky çykyşlary diňlenildi. Olarda her halkyň milli aýratynlygyny emele getirmekde sungat derejesine ýetirilen senetçilik el işleriň aýratyn ornunyň bardygy bellenildi.
Dialoga gatnaşyjylar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak barada ylalaşdylar diýlip, habarda aýdylýar.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......