Delfiýa oýunlarynyň türkmenistanly ýeňijileri ýurda 4 medal getirdiler

  • 12.10.2023 19:04
  • 10k+

6-njy oktýabrdan 10-njy oktýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde GDA agza döwletleriň ýaşlarynyň arasynda XVII Delfiýa oýunlary geçirildi. Oňa 10 – 25 ýaş aralygyndaky 600-e golaý ýaş oglanlar we gyzlar gatnaşyp, fortepiano, skripka, şekillendiriş sungaty, akademiki aýdym aýtma, halk tansy, halk gurallary, amaly bezeg sungaty ýaly birnäçe ugurlar boýunça bäsleşdiler. Bu oýunlarda Türkmenistandan ýaş gatnaşyjylar hem üstünlikli çykyş edip, ýurda 4 medal – 2 kümüş we 2 bürünç medal getirdiler, şeýle-de ýörite diplomlara mynasyp boldular.

Ikinji orunlary “Skripka” nominasiýasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Seýran Atanyýazow we “Solo aýdym aýtma” nominasiýasynda Balkanabat şäheriniň aýdym-saz mekdebiniň okuwçysy Güýçberdi Gulow eýeledi.
Bürünç baýraklarynyň eýeleri “Fortepiano” nominasiýasynda TMK-nyň 3-nji ýyl talyby Erjal Ýagşymyradow we “Skripka” nominasiýasynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýörite aýdym-saz mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Elina Gurbanowa boldy.
Şeýle-de, Türkmenistandan ýene üç gatnaşyjy XVII Delfiýa oýunlarynyň diplom eýeleri boldy – olaryň biri ýaş pianinoçy we halkara bäsleşikleriniň laureaty Aýnur Otuzowadyr. Ol özüniň ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin “Döredijilik potensialy üçin” diplomyna mynasyp boldy.
Mundan başga-da, ýörite diplomlaryň eýeleri Türkmenistandan iki ýaş suratkeş Selbi Nurýagdyýewa we Wepa Ýazmyradow boldy.
Medal sany boýunça gatnaşyjy döwletleriň arasynda orunlar şeýle paýlandy:

1-nji orun – Russiýa, jemi 17 medal: 6 altyn, 9 kümüş we 2 bürünç;
2-nji orun – Gyrgyzystan, jemi 20 medal: 6 altyn, 6 kümüş we 8 bürünç;
3-nji orun – Gazagystan, jemi 12 medal: 6 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç.

  • Belarus, jemi 7 medal: 4 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç;
  • Türkmenistan, jemi 4 medal: 2 kümüş we 2 bürünç;
  • Azerbaýjan, jemi 3 medal: 1 kümüş we 2 bürünç;
  • Özbegistan, jemi 3 medal: 1 kümüş we 2 bürünç.

19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......