Nike ABŞ-da ýetginjekler üçin iň islegli eşik brendi bolmagynda galýar

  • 11.10.2023 16:49
  • 4.2k+

Piper Sandler tarapyndan ýylda iki gezek geçirilýän pikir soraşmanyň  netijelerine görä, ABŞ-ly ýetginjekler şahsy çykdajylaryny ýylda 1% we 2023-nji ýylyň ýazy bilen deňeşdirilende 4% azaltdy.

Ýetginjekleriň ýyllyk çykdajylary adam başyna ortaça 2316 dollar. Şol bir wagtyň özünde, ýetginjek oglanlar çykdajylaryny 11%, gyzlar -  8% azaltdylar.
“Nike Inc.” yzly-yzyna 12 ýyl bäri ýetginjekleriň arasynda iň meşhur egin-eşik we aýakgap brendi bolmagynda galýar. Egin-eşik segmentinde Nike pikir soraşma gatnaşanlaryň 35% -i tarapyndan halanýan marka diýlip yglan edildi (lululemon 6% bilen ikinji, American Eagle - 4% bilen üçünji), aýakgap segmentinde - 61% (Converse kedylary 9%, adidas - 7%, New Balance - 3%) islegli marka boldy.
Umuman aýdanyňda, ýetginjekler geýim üçin ýylda 563 dollar sarp edýärler (ýyl bilen deňeşdirilende -4%), ýöne gyzlar, oglanlara garanyňda, ortaça 180 dollar köp sarp edýärler. Kosmetika, derä ideg etmek we hoşboý ysly atyrlar üçin ortaça çykdajy ýylda 23% ýokarlanyp, 324 dollara ýetdi, esasanam, kosmetika serişdelerine çykdajylar 33% -den 127 $ -a çenli ýokarlandy.
ABŞ-ly ýaşlaryň arasynda iň meşhur kosmetika markasy e.l.f. – pikir soraşma gatnaşanlaryň 29% -i tarapyndan atlandyryldy. Olaryň, takmynan, 13%-i seýrek gözellik markasyny, 6% -i – Maybelline-ny bellediler. Iň halanýan atyr öndürijisi Bath & Body Works (31%), derä ideg ediş önümleri - CeraVe (37%), saça ideg ediş önümleri - Olaplex (8%) boldy.
Amazon.com Inc. reýtingini 55% -e çenli ýokarlandyryp, iň köp girilýän onlaýn söwda platformasy bolmagynda galdy. Ikinji orunda 12% bilen Hytaýyň Shein onlaýn geýim dükany durýar.
Çik-fil-A restoran zynjyry, pikir soraşma gatnaşanlaryň 16% -i tarapyndan iň gowy görülýän restoran diýlip atlandyryldy, ýetginjekleriň 14% -i Starbucks kofehanalar zynjyryny, 9% -i Makdonalds-y saýlady. Iýmit önümleriniň arasynda iň meşhur markalar Goldfish krekerleri we Lays çipsileri (hersi 13%) boldy.
Ýetginjekler iki esasy platformada wideo tomaşa edýärler - Netflix (29.1%) we YouTube (28,7%), Hulu akym hyzmaty bolsa bary-ýogy 7,7% reýting bilen üçünji ýeri eýeledi. Ýaşlaryň iň köp girýän sosial ulgamy, Snapchat -dan (28%) öňe geçen TikTok (38%) boldy.
Garaşylyşy ýaly, ýetginjekleriň arasynda iň meşhur aýdymçy Teýlor Swift boldy, aktýor Adam Sendler garaşylmadyk ýagdaýda ikinji ýeri eýeledi. Ilkinji 5-ligi repçi Dreýk, aktýor Raýan Reýnolds we ýene bir repçi Kanye West tamamlady.
Piper Sandler gözlegiň çäginde 49 ştatdaky 9,2 müň ýetginjekden pikir soraşdy, jogap berenleriň ortaça ýaşy 15,7 ýaş, olaryň maşgalalarynyň ortaça ýyllyk girdejisi 70,7 müň dollar boldy.


düýn 20:25
6.3k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.6k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......