Apple ahyrsoňy iPhone 15 Pro-da ekranyň garaňkyramagy barada teswirini berdi

  • 11.10.2023 16:06
  • 13k+

Apple iPhone 15 Pro-nyň we iPhone 15 Pro Max-yň käbir ulanyjylarynyň ekranyň garaňkyramagy bilen baglanyşykly bildirýän nägileliklerine resmi düşündiriş berdi.

Şeýle näsazlyk ýüze çykan smartfon eýeleriniň barlatmak üçin resmi hyzmat merkezine ýüz tutup biljekdiklerini aýtdy. Barlag wagtynda munuň enjam bilen baglydygy anyklansa, smartfon çalşylyp berler ýa-da bejeriler.
Şeýle-de bolsa, Apple käbir ýagdaýlarda ekrandaky galyndy şekiliň ulgam ýalňyşlygynyň netijesidigini aradan aýyrmaýar. Şeýle ýagdaýlarda täzelenmäniň çykmagyna garaşyp bilersiňiz. Her niçigem bolsa, smartfonda näsazlyk bar bolsa, 14 günüň içinde yzyna gaýtarylyp ýa-da çalşylyp bilner. Şondan soň kepillik hyzmatynyň şertleri güýje girýär.
Geçen hepde Apple aşa gyzmak meselesini çözmeli iOS 17.0.3 programma üpjünçiligini çykardy. Emma synaglar gerek netijäni görkezmedi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...