Katarda «EXPO - 2023 Doha» sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni geçirildi

  • 11.10.2023 15:27
  • 4.5k+

Katar Döwletiniň Doha şäheriniň Al-Bidda seýilgähinde geçirilýän “EXPO-2023” bagbançylyk boýunça halkara serginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň resmi açylyş dabarasy geçirildi.

Onda giriş sözi bilen Katar Döwletiniň şäher we şäher meýilnamalaşdyryş ministri Abdulla bin Abdulaziz bin Türki Al Subai we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda şeýle hem türkmen artistleri çykyş edip, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen myhmanlary tanyşdyrdylar.
Halkara sergä gatnaşyjy myhmanlar Türkmenistanda ösýän baglar we ösümlikler bilen bezelen sergi pawilýony bilen tanyş boldular. Türkmenistanyň sergi diwarlygy esasan gurak howaly çäklerde suw üpjünçilik meselesine bagyşlanyp, onda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynda alyp barýan işleri beýan edilýär. Şeýle hem, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň goraghanalaryny, tebigy gözellikli we syýahatçylyk çäklerini goramak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumatlar hödürlenildi.“Daşky gurşaw üçin ýaşyl tebigat” şygary bilen geçirilýän halkara bagbançylyk sergisi şu görnüşde Ýakyn Gündogar sebitindäki gurak howaly çäkde geçirilýän ilkinji sergidir. Oňa dünýäniň 80-den gowrak döwletinden köp sanly kompaniýalar we guramalar gatnaşýarlar. Sergi çölleşmä garşy göreşmek we oba hojalygyny durnukly ösdürmek babatda innowasion çözgütleri hödürleýär. Dohanyň Al-Bidda seýilgähinde 170 gektar çäkde dürli ýurtlaryň baglaryny we diwarlyklaryny şöhlelendirýän halkara sergi giňişligi döredildi.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....