Saud Arabystany 2034-nji ýylda dünýä çempionatyny geçirmek üçin arza berdi

  • 11.10.2023 07:35
  • 9k+

Saud Arabystanynyň Futbol Federasiýasy Halkara Futbol Federasiýasyna (FIFA) 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin arza berdi. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Metbugat gullugynyň beýannamasynda: "Bu resmi arza! Biz FIFA-a 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin arza iberdik. Bu FIFA-nyň 70-den gowrak agza-birleşikleriniň goldawyny alanymyzdan soň äden ilkinji ädimimizdir" -diýilýär.

FIFA 4-nji oktýabrda diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini edip biljekdigini habar berdi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar, ýaryşyň açylyş oýny Urugwaýda, ondan soňky iki oýun Argentinada we Paragwaýda bolar.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......