Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry “Biken” halkara teatr festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

  • 10.10.2023 13:57
  • 13k+

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan “Biken” I-Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde görkezilen “Magtymguly Pyragy” spektakly emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolup, birnäçe nominasiýada tapawutlandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn Asyr" neşiri habar berýär.

Şeýlelikde, teatryň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew drama sahnasynyň iň gowy režissurasy üçin teatr we kino aktrisasy Biken Rimowanyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen festiwalyň diplomyna we altyn medalyna mynasyp boldy.
Hudožnik-sahna goýujy Mekan Annamyradow spektakla iň gowy sahna bezegi üçin ýadygärlik Kubogy bilen sylaglandy. Mundan başga-da, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik toparyna Halkara Türki medeniýetiniň guramasynyň (TÜRKSOY) diplomy, Taldykorgan sebitiniň akimatyndan minnetdarlyk haty we 400 müň Gazagystan teňňesi mukdarly şahadatnama gowşuryldy.
Türkmenistanyň teatr toparynyň sahnasy beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýär. Sahnada şahyryň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow ýerine ýetirdi.
29-njy sentýabrdan 4-nji oktýabr aralygynda Gazagystanyň Taldykorgan şäherinde geçirilen “Biken” I-Halkara teatr festiwaly Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport institutynyň, Žetysu welaýatynyň akimatynyň we TÜRKSOY halkara guramasynyň goldaw bermeginde geçirildi.
Festiwalyň çäklerinde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan teatr jemgyýetiniň wekilleri iň gowy teatr eserlerini görkezdiler. Şeýle-de, festiwalyň dowamynda Biken Rimowanyň döredijiligine we onuň sahna sungatyna goşan goşandyna bagyşlanyp konferensiýa geçirildi.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......