Noýabrda Daşkentde YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti meýilleşdirilýär

  • 10.10.2023 09:05
  • 3.6k+

10-njy oktýabrda Azerbaýjanda Şuşa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) agza döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 27-nji mejlisi geçiriler.

Mejlisiň esasy gün tertibinde şu ýylyň noýabr aýynda Özbegistanda Daşkent şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşylar diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Mejlisiň dowamynda taraplar guramanyň agza döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşarlar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy — sebitleýin döwletara ykdysady düzüm bolup, oňa 10 sany döwlet girýär — Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda 2023-nji ýylda Azerbaýjan başlyklyk edýär.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

04.04.2026 09:20
2.6k+

Bakuwda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň......

03.04.2026 16:12
2.7k+

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....