Nädip özüňe laýyk aýakgap saýlamaly: FLO dükanynyň hünärmeni maslahat berýär

  • 09.10.2023 19:46
  • 11k+

Dar aýakgap bedende gan aýlanyşygynyň bozulmagyna, dyrnaklaryň nädogry ösmegine we barmaklaryň gyşarmagyna getirip biler. Köplenç aýakgap saýlananda onuň diňe daşky görnüşinden ugur alnyp saýlanylýar. Köpler üçin onuň moda laýyk görünmegi ýeterlik. Emma aýakgap saýlamaga çynlakaý çemeleşmek zerur: nähili aýakgap geýýändigiňiz, siziň saglygyňyza täsir edýär. Dünýä belli brendleriň erkekler, zenanlar hem çagalar üçin dürli görnüşli aýakgaplaryny hödürleýän FLO aýakgap dükanynyň hünärmeni aýakgap saýlamakda käbir gymmatly hem peýdaly maslahatlaryny berýär.

  • Iň ilkinji hem esasy maslahat: daşky görnüşi owadan, emma aýagyňyzy bimaza edýän aýakgaby hiç wagt almaň!
  • Aýaga deňäp göreniňizde aýakgabyň iki taýyny hem geýip görüň we hökman belli bir aralyk ýöräp görüň!
  • Aýaklaryň barmaklarynyň güberip durmazlygyna üns beriň!
  • Aýakgabyň düýbi ýumşak hem çeýe bolsa gowy.
  • Gündelik geýmek üçin pes ökjeli köwüşler peýdalydyr.
  • Galyberse-de, möwsüme görä aýakgap saýlamagy unutmaň!

Aýakgap satyn alanyňyzda siz nämä üns berýärsiňiz?
Daşky görnüşinemi, rahatlygynamy, bahasyna ýa başga zadynamy?
«Berkarardaky» FLO aýakgap dükany saýlamak üçin dünýä belli brendleriň müňlerçe aýakgabyny hödürleýär. Şolaryň içinden özüňize laýyk geljegini saýlamak üçin bolsa ökde satyjylar size kömek eder.
Toý dabaralary üçin kaşaň köwüş, sport bilen meşgullanmak üçin ykjam sport aýakgaby, gündelik işe ýa okuwa geýmek üçin aýakgap, dürli ýaşdaky çagalar üçin aýakgap... garaz, «Berkarardaky» FLO aýakgap dükany durmuşyň islendik pursaty üçin, islendik görnüşli aýakgaplar bar.
Täzelikde dükana harytlaryň täze tapgyry geldi.
Howlugyň! Siziň diýýän aýakgabyňyz şularyň içinde bar!

FLO dükany islän aýakgabyňyzy garaşaryna hem satyn alyp bolýandygyny ýatladýar.
FLO brendiniň aýakgaplaryny Asmanshop onlaýn söwda platformasyndan öýde oturan ýeriňden hem sargyt edip bolýandygyny ýatladýarys. Munuň üçin Asmanexspress ykjam goşundysynyň Asmanshop bölümine girip, FLO brendiniň aýakgaplarynyň ählisini telefonyňyzdan saýlap sargyt edip bilersiňiz. 90 minudyň içinde saýlan egin-eşigiňiz öýüňize getiriler.

Saýt: asmanexpress.com/shop/tm
FLO dükany, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 0-njy gaty.
Tel: +993 64 76-89-08
Instagram: flo_turkmenistan

19.03.2026 18:11
2.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
6k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.9k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...